Ukrainanyň gündogarynda çaknyşyklar dowam edýär

15-nji fewralda güýje girjek ylalaşyga garamazdan çaknyşyklar dowam edýär

218615
Ukrainanyň gündogarynda  çaknyşyklar dowam edýär

Ukrainada bolan soňky çaknyşyklarda 28 adamyň ölendigi habar berildi.

Germaniýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň Prezidetleriniň Minskde ylalaşyk gazanandygyna garamazdan Ukrainanyň gündogaryndaky çaknyşyklar entegem dowam edýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jen Psaki: “Ot açyşlygyň bes edilmeginden öň çaknyşyklaryň dowam etmegi örän gynandyryjy ýagdaý” diýip nygtady.

Psaki: “Russiýanyň ýaragly güýçleri Debaltsewodaky Ukrain goşuny bombalamak üçin ol ýere köp sanly top, roketa we howa hüjümine garşy goranyş ulgamlaryny ugratdyi” diýip aýtdy.

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko hem ýurduň gündogarynda asuda ilatyň bombalanýandygyny habar berip, gazanylan ylalaşygyň howp astyndadygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar