Erbilde Ermenistanyň konsollygy açylar

Ermenistanyň ilçisi  ýurdunyň iýun aýynda Erbilde konsullyk açjagyny habar berdi

211705
Erbilde Ermenistanyň konsollygy açylar

Ermenistan Yragyň Kürt Awtonomiýasyndaky Erbil şäherinde konsullyk açar.
Yragyň Kürt awtonomiýasynyň beren beýanatyna görä, Premýer ministir Neçirwan Barzani tarapyndan kabul edilen Ermenistanyň Bagdatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Karin Gregoriýan, ýurdunyň iýun aýynda Erbilde konsullyk açjakdygyny beýan etdi.

Gregoriýan, mundan başgada üstümizdäki aýyň ahyrynda Ýerewan-Erbil uçar saparlarynyň başlajakdygyny habar berdi.

Barzani bolsa öz gezeginde ösýän gatnaşykdan hoşaldygyny we Ermenistanyň hökümediniň kabul eden kararlaryny durmuşa geçirmek üçin ellerinden gelenini etjekdiklerini beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar