Hüjümiň arkasynda eýsem  Eýran barmy?

Netanýahu Ban Gi Mun bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

206025
Hüjümiň arkasynda eýsem  Eýran barmy?

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Netanýahu telefon söhbetdeşliginde Pan Gi Muna Liwanyň Şebaa etrapçasynda Hizbullahyň ysraýylly esgerlere garşy guran hüjüminiň arkasynda Eýranyň bardygyny aýtdy.
Netanýahu BMG-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň Eýrany häzire çenli hiç hili ýagdaýda ýazgarmandygyny nygtady.
Liwanyň günortasynda Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky serhet ýakasynda ýerleşýän Şebaa etrapçasynda howpsyzlygy ýola goýnna ysraýylly harby ulaga Hizbullah tarapyndan guralan roketa hüjüminden soň, Ysraýyl hem Liwanyň günortasynda ýerleşýän käbir merkezlere hüjüm gurady.
Hüjümde BMG-nyň parahatçylyk güýjüniň çäginde iş alyp barýan 1 esger ýogaldy.
Hüjümde ysraýylly 2 esgeriň ýogalandygy, 7 esgeriň ýaralanandygy habar berildi.
Hizbullah hem, Ysraýylyň Siriýanyň Kuneýtra şäherinde Hizbullahyň kerwenine guralan hüjüm sebäpli ysraýylly esgerlere garşy hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar