Prezident Obama sapar bilen Saud Arabystanyna barar

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama 27-nji ýanwar sişenbe güni Saud Arabystanyna gitjekdigini aýtdy

196479
Prezident Obama sapar bilen Saud Arabystanyna barar

ABŞ-nyň resmileri Obama Saud Arabystanyň şasy Abdullah ben Abdulaziz aradan çykanyndan soň Saud Arabystanda sapar guramak barada karara gelendigini, şol sebäpli Hindistandaky saparynyň bellenen möhletden ir gutarjakdygyny beýan etdiler. Obama  saparynyň çägindäki Täç Mahal zyýaratyny ýatyrdy.

Ak Tamyň metbugat wekili Jaş Ernest, Obama we aýaly Mişel Obama sişenbe güni Saud Arabystanyň paýtagty Riýatda saparda bolar we şa Abbdullahyň ýerine geçen şa Selman Abdulaziz bilen duşuşjaklaryn aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar