Yragyň Premýer ministri Müsürde saparda boldy

Haýdar Al Abadi Müsüriň Premýer ministri İbrahim Mehleb bilen duşuşdy

181884
Yragyň Premýer ministri Müsürde saparda boldy

Yragyň Premýer ministri Müsürde saparda boldy
Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi düýn Kairde Müsüriň Premýer ministri İbrahim Mehleb bilen duşuşdy.
İki lider terrorçylyga garşy göreş we YSYS-a garşy hyzmatdaşlyk edilmegi barada pikir alyşdy.
Müsüriň Premýer ministri Mehleb ýurdunyň YSYS terror guramasyna garşy göreşde Yraga goldaw berýändigini aýtdy.
Yragyň Premýer ministri Abadi hem YSYS-yň halkara derejesinde howplydygyny belledi.
Yragyň Premýer ministri Müsüriň Prezidenti Abdülfettah Sisi tarapyndan hem kabul edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar