İsa Mustafa Kosowanyň täze Premýer ministri boldy

Kosowada saýlawlardan 6 aý soň täze hökümet guruldy

142634
İsa Mustafa Kosowanyň täze Premýer ministri boldy

Kosowada 6 aý dowam eden syýasy krizis çözüldi.
Kosowada saýlawlardan 6 aý soň täze hökümet guruldy.
Mejlisde hökümet üçin geçirlen ynam sese goýulşygynda 73 halk deputaty täze hökümetiň iş meýilnamasy üçin “kabul” sesini berdi.
38 halk deputaty “garşy” ses berdi, 2 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.
Kosowa Demokratik bileleşiginiň başlygy İsa Mustafa Kosowanyň täze Premýer ministri boldy.
Ozalky Premýer ministri we häzirki şäriklik hökümetiniň agzasy Kosowa Demokratlar partiýasynyň başlygy Haşim Taçi täze hökümetde Wise-premýer we Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirer.
Kosowa Demokratik Türk partiýasynyň başlygy Mahir Ýagjy bolsa täze hökümetde ozalky wezipesini ýagny Döwlet dolanşygy ministri wezipesini dowam etdirer.
Täze hökümetiň ynam sesini almagyndan soň hökümetiň agzalary kasam edip wezipelerine başlady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar