Eýran Yraga goldaw sözüni berdi

Zarif ýurdynyň YSYS terror guramasyna garşy göreşde Yragyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy

140459
Eýran Yraga goldaw sözüni berdi

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif ýurdynyň YSYS terror guramasyna garşy göreşde Yragyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.
Eýranyň resmi habarlar gullugy İRNA-nyň berýän habaryna görä Zarif ertir başlajak we 2 gün dowam etjek “Dünýä radikalizme we zuluma garşy” atly halkara konferensiýa gatnaşmak üçin Eýrana gelen Yragyň Daşary işler ministri İbrahim Al Jaferi bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda YSYS terror guramasy tarapyndan abanýan howpa ünsi çekdi we “Yragyň halky bilen birlikde umumy duşmanymyza garşy göreşmage dowam ederis” diýdi.
Zarif Eýranyň goňşy ýurtlary bilen dostlykly gatnaşyk etmek isleýändigini we radikal toparlaryň sebitde ýerleşýän ähli ýurtlara howp salýandygyny belledi.
Yragyň Daşary işler ministri Jaferi bolsa YSYS terror guramasy tarapyndan abanýan howpa garşy Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar