Müsürde günüň dowamynda birnäçe hüjüm guraldy

İki ýerde howpsyzlyk güýçlerine ýaragly hüjüm guralandygy habar berildi

189326
Müsürde günüň dowamynda birnäçe hüjüm guraldy

Hüjümlerin ýygy-ýygydan guralýan ýeri bolan Sina ýarym adasynda ýaragly başbozarlar Müsüriň howpsyzlyk güýçlerine od açdy.
Hüjümde 2 polis bilen 3 esger ýogaldy.
Beýleki bir hüjüm bolsa Ortaýer deňziniň Nil destasynda guraldy.
Ortaýer deňzinde türgenleşik geçirýän Müsüriň deňiz flotuna degişli güýçlere balykçy gaýyklaryndaky başbozarlar tarapyndan hüjüm guraldy.
Hüjümde 5 esger ýaralandy, 8 esger deňizde dereksiz ýitdi. Dereksiz ýiten esgerleriň gözleg işleri dowam edýär.
Paýtagat Kairde-de gatnawdaky metroda partlama boldy. metronyň bagaž bölümine goýlan bomba sebäpli bolan partlamada 16 adam ýaralandy.
Hüjümleri Müsüriň esasy ýaragly guramalaryndan biri bolan Ansar Beýt al-Makdisiň gurandygy çak edilýär.
Ansar Beýt al-Makdis birnäçe gün mundan ozal YSYS-a tabynlyk kasamyny edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar