ABŞ Al Aksa metjidi barada beýanat berdi

Psaki asudalyk çagyryşyny berdi

185450
ABŞ Al Aksa metjidi barada beýanat berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň metbugat geňeşçisi Psaki ýene-de bir gezek asudalyk çagyryşyny berdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen birlikde Amerikaly ýokary derejeli ýolbaşçylar we baş ilçiler Ysraýylly, Palestinaly we İordaniýaly ýolbaşçylar bilen gepleşikler geçirýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň metbugat geňeşçisi Psaki gündelik metbugat ýygnagynda çaknyşygy ýazgarýandyklaryny we asudalyk çagyryşyny bermäge dowam edýändiklerini aýtdy.
Ozal Ysraýylyň özüni goramak hukugyna goldaw berendiklerini ýatladan Psaki Gazada asuda ilatyň ýogalamagyna alada bildirýändiklerine ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar