YSYS terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Siriýada Horasan toparyna degişli 5 nyşana bombalandy

184313
 YSYS terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Yrakda we Siriýada YSYS terror guramasyna garşy göreş dowam edýär.
ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi tarapyndan berlen beýanatda Amerika degişli harby, bombardyman we uçarmansyz howa ulaglarynyň Siriýanyň İdlib şäheriniň Samrada şäherçesindäki Horasan toparyna degişli 5 nyşanany bombalandygy nygtaldy.
İlkinji kesgitlemelere görä harby hüjümde Horasan toparyna degişli ulaglaryň, partlaýjy madda öndürýän merkeziň we harby tälim merkezleriniň ýok edilendigi nygtaldy.
Kobanide hem Azat Siriýa goşuny bilen birlikde ýaragly kürt toparlary YSYS terror guramasy bilen çaknyşýar.
Yragyň ýaragly güýçleri bilen YSYS terror guramasynyň başbozarlarynyň arasynda paýtagt Bagdadyň demirgazygynda ýerleşýän Beýji şäherçesinde hem güýçli çaknyşyklar bolýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar