ABŞ-da möhüm saýlaw geçirildi

Respublikaçylar kongresiň iki palatasynda hem esasy köplüge eýe boldy

182783
ABŞ-da möhüm saýlaw geçirildi


ABŞ-da 2016-njy ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda möhüm saýlaw geçirildi.
Saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä respublikaçylar senatda esasy köplüge eýe boldy.
Respublikaçylar kongresiň iki palatasynda hem esasy köplüge eýe boldy.
Amerikaly saýlawçylar 435 agzaly Wekiller palatasynyň ählisi, Senatyň 36 kürsüsi we 38 ştatyň gubernatory bilen ştatlaryň mejlisleriniň agzalaryny kesgitlemek üçin ses berdiler.
8 ýyldan bäri demokratlaryň täsiri astynda bolan Senatyň 100 kürsüsinden 36 sanysy üçin geçirlen saýlawlarda häzirki wagta çenli demokratlar 11, respublikaçylar bolsa 22 kürsi eýeledi.
Şeýlelikde Senatdaky jemi kürsi sanynda häzirki wagtda demokratlar 45, respublikaçylar bolsa 52 kürsä eýe boldy.
Bu saýlawda dalaşgärler beýleki saýlawlar bilen deňeşdirilende has köp pul sarp etdi.
Dalaşgärleriň saýlaw kampaniýalarynda 4 milliard dollar sarp edendigi habar berildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar