Palestina gyssagly jemlenişmek barada çagyryş berdi

Mansur Ysraýylyň kabul eden kararynyň iki döwletli çözgüt tagallalaryny zeper ýetirjekdigini nygtady

172852
Palestina gyssagly jemlenişmek barada çagyryş berdi

Palestina BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine gyssagly jemlenişmek barada çagyryş berdi.
Palestinanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik synçysy Riýad Mansur Ysraýylyň Gündogar İerusalymda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada kabul eden kararynyň iki döwletli çözgüt tagallalaryny zeper ýetirjekdigini nygtady we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň meselani gyssagly ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmagyny isledi.
Mansur BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Muna we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň agzalaryna ýazan hatynda geçen hepde Ysraýylyň hökümetiniň Gündogar İerusalymda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy baradaky karary tassyklandygyny ýatlatdy.
Kararyň kabul edilmeginden soň Ysraýylyň Palestinalylara degişli 35 öýi alandygyny ýatladan Mansur, şuňa meňzeş bikanun hereketleri ýazgarýandyklaryny belledi.
Mansur Ysraýylyň Mesjidi Aksadaky meçew beriji hereketlerine ünsi çekdi we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine meseläni gyssagly ara alyp maslahatlaşmak barada çagyryş berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar