Hytaý ölüm jezasyny bermekde 1-nji ýeri eýeleýär

Hytaýda geçen ýyl 2 müň 400 adam asylyp öldürildi

165660
Hytaý ölüm jezasyny bermekde 1-nji ýeri eýeleýär

Hytaý ölüm jezasyny bermekde 1-nji ýeri eýeleýär.
Adam hukuklary guramalary Hytaýyň geçen ýyl 2 müň 400 adamy asyp öldürendigini we şol sanyň beýleki ýurtlaryň jemi sanyndan has ýokarydyny habar berdi.
Hytaýyň hökümeti ölüm jezalary hakyndaky görkezijileri beýan etmekden gaça durýar we resminamalary döwlet syry ýaly gorap saklaýar.
Merkezi Amerikada ýerleşýän Duž Hua gaznasy, hytaýly ýolbaşçylardan birine esaslanyp Hytaýda geçen ýyl asylyp öldürlenleriň sanyny beýan etdi.
Hytaýda geçen ýyl 2400 adam asylyp öldürildi.
Dünýäniň beýleki ýurtlarynda asylyp öldürlenleriň sany bolsa 778 adam.
Hytaýdaky ölüm jezalarynyň sanynyň geçen ýyllara görä aşaklandygy nygtalýar.
2013-nji ýylda asylyp öldürlenleriň sany 2012-nji ýyl bilen deňeşdirlende 20 göterim aşaklady.
2002-nji ýylda Hytaýda 12 müň adamyň asylyp öldürlendigi nygtalýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar