Ebola howpy dowam edýär

Ebolanyň dünýäniň ykdysadyýetine düşýän gymmaty şu ýyl 7,5 milliard dollar

165757
Ebola howpy dowam edýär

Dünýä ebola garşy göreşmäge dowam edýär.
Latyn Amerika ýurtlary ebola garşy göreşde güýçlerini birleşdirmek barada karar kabul etdi.
Ebolanyň dünýäniň ykdysadyýetine düşýän gymmaty şu ýyl 7,5 milliard dollar, geljek ýyl bolsa 25 milliard dollar hökmünde hasaplanýar.
Ýaponiýa Günbatar Afrika ýurtlaryndan gelenleriň 3 hepdäniň dowamynda günde 2 gezek saglyk gözegçiliginden geçirilmegini mejbury ýagdaýa getirdi.
ÝB-niň Daşary işler ministrleri hem Afrika ýurtlaryna 1 milliard ýewro we ebola garşy geçiriljek ylmy barlaglar üçin hem 25 million ýewronyň berilmegi barada karar kabul etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar