Tebigy gaz meselesi aktual bolmagynda galýar

Ukraina bilen Russiýa tebigy gaz meselesini çözmek üçin tagalla edýär

163680
Tebigy gaz meselesi aktual bolmagynda galýar

İki ýurduň liderleriniň arasynda anna güni gazanylan ylalaşyga ozaldan galan karz mukdary meselesi çözülen halatynda ertir gol çekişilmegine garaşylýar.
Ylalaşygyň netijesinde Ýewropanyň gyş aýlarynda üşeme gorkusy hem ortadan aýrylar.
Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenkonyň beren beýanatyna görä iki ýurt tebigy gazyň 1000 kub metrini 385 dollardan alynmagy barasynda ylalaşdy.
Ukraina tebigy gazyň 1000 kub metrine 413 dollar töläpdi. Täze nyrhyň Russiýanyň beýleki ýewropaly müşderilerine berýän nyrhyna ýakyndygy nygtalýar.
Russiýa mart aýynyň ahyryna çenli akdyrylýan gazyň mukdarynyň azaldylmazlygy barada-da kepilnama berdi.
İki ýurt şondan soň gazyň nyrhy üçin ýaňadandan gepleşik stolunyň başyna oturarlar.
Ukraina tomus aýlarynda Russiýanyň gazyň nyrhyny 325 dollara düşürmegini isleýär.
Ylalaşyga garamazdan iki ýurduň arasynda Ukrainanyň Russiýa bolan tebigy gaz karzy baradaky düşnüşmezlik dowam edýär.
Russiýa Ukrainanyň 3 milliard dollar karzynyň bardygyny öňe sürýär. Karzyň mukdary barada ylalaşyk gazanylman halatynda tebigy gazyň nyrhy baradaky ylalaşyga gol çekişilmän bilinjekdigi aýdylýar.
Russiýa karzyny tölemändigi üçin Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa akdyrýan gazynyň mukdaryny ýarym esse azaldypdy.
Resmi Moskwa Ukrainanyň Ýewropa akdyrylýan gazdan peýdalanan halatynda Ýewropa akdyrylýan gazyň mukdaryny has-da azaltjakdygyny beýan edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar