Gang-Kongda dartgynlyk gowşamaýar

Birnäçe günden bäri köçelerden gitmeýän demonstrantlar Gang-Konkongyň lideri şu gijä çenli iş başyndan çekilmän halatynda raýat göreşiniň depginini güýçlendirjekdigini mälim etdi

147831
Gang-Kongda dartgynlyk gowşamaýar

Hökümet bolsa demonstrantlary gyssagly dargamaga çagyrdy.
Demonstrantlar özbaşdak dolanşygyň başlygy Jeng Ýin Kuan iş başyndan çekilmän halatynda protestleriniň depginini güýçlendirjekdiklerini we hökümete degişli binalary basyp aljakdyklaryny habar berdi.
Beýanatdan soň Gang-Kongyň polisi howpsyzlyk çäreleriniň gerimini giňeltdi.
Resmi Pekin bolsa Kuany goldaýar. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň “Halkyň sesi” gazeti Kuan tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatlaryň we görülen kanuny çäreleriň goldanmaga dowam ediljekdigini habar berdi.
ABŞ we Filippinlerde bolsa demonstrantlara goldaw bermek üçin saýawanly ýörişler geçirildi.
Demonstrantlar polisiň ulanýan göz ýaşardyjy gaza garşy özlerini goramak üçin saýawan açýandygy üçin protestler halkara jemgyýetçiliginde “Saýawan ynkylaby” atlandyrylýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hem Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi bilen duşuşar.
Beýleki tarapdan Amerikanyň howpsyzlyk firmalaryndan biri Hytaýyň hökümetiniň demokratik ýörişler barada maglumat ýygnamak üçin andreoid telefon programmalaryndan peýdalanýandygyny öňe sürdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar