Abbasyń we Sisiniń gün tertibinde Gaza bar

Mashmud Abbas Abdulfettah As Sisi bilen duşuşdy

100974
Abbasyń we Sisiniń gün tertibinde Gaza bar

Abbasyń we Sisiniń gün tertibinde Gaza bar.
Palestinanyń Prezidenti Mashmud Abbasyń Müsüre guraýan saparynyń çäginde Prezident Abdulfettah As Sisi bilen duşuşandygy nygtaldy.
Palestinanyń Müsürdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisi Jemal Aş Şeýbeki mesele barasynda beren beýanatynda “Ylalaşyk gepleşikleriniń ýańadandan başlamagyny umyt edýärin, Abbas bilen Sisiniń duşuşygyndan soń gepleşikleriń ýańadandan başlamagyna garaşýaryn” diýdi.
Abbas bilen Sisiniń duşuşygy hakynda maglumat bermedik baş ilçi, Abbasyń anna güni Kairde geçirilýän gepleşiklere Palestinanyń adyndan gatnaşýan toparlara “Palestinalylar ýitgi çekmäge dowam edýärkä parahatçylyk gepleşikleriniń uzadylmagyna we güýmenmegine rugsat bermerin” diýendigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar