ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty

ÝB-niň daşary işler ministrleri Ukrainada Malaýziýa degişli uçaryň urlup düşürilmeginden soň Russiýa garşy çäklendirmeleriň gerimini giňeltmek barasynda pikir alyşmak üçin Brýusselde jemlenşdiler

68525
ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty

300-e golaý ýolagçynyň we ekipažyň ýogalan wakasyndan soň ilkinji gezek duşuşan ÝB-niň DİM-leri, uçaryň urlup düşürilmegi sebäpli gönüden jogapkär bolanlaryň adaladyň öňünde hasap bermelidigini nygtadylar.
Resmi Moskwa garşy ykdysady sanksiýalaryň goýulmagy dogursynda başlangyç etmedik ministrler, maskada ýetmek üçin goýuljak çäklendirmeler boýunça görülýän taýarlyklaryň depginini güýçlendirmek barasynda ylalaşdylar.
Şol çäkde sanksiýa goýuljak ýolbaşçylaryň ýa-da guramalaryň sanawynyň taýarlyklarynyň depgini güýçlendiriler.
Taýarlyklaryň üstümizdäki aýyň ahyryna çenli tamamlanmagyndan soň Krymyň Russiýa birikdirilmegi ýa-da Gündogar Ukrainadaky durnuksyzlyk şertlerinden peýdalanan adamlara ýa-da guramalara garşy çäklendirmeleriň gerimi giňär.
Ministrler maslahatyň jemleýji jarnamasynda Russiýa garaşylýan başlangyçlar dogursynda işe girişmän halatynda goşmaça sanksiýa bukjasyny gaýra goýman kabul etmäge taýardyklaryny hem nygtadylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar