Baýden Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Ukrainada ot açyşlygyň bes edilmegi meselesi ýaňadandan gün tertibinde

125420
Baýden  Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Ukrainada ot açyşlygyň bes edilmegi meselesi ýaňadandan gün tertibinde
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Poroşenko Ukraina tarapyndan teklip edilen ylalaşygyň Russiýa ýada Russiýa goldaw berýän toparlar tarapyndan yzygiderli ýagdaýda ret edilýändigini aýtdy.
Poroşenko Ukrainanyň ylalaşyk gepleşikleri üçin Ukrainany, Russiýany ýada başga haýsydyr bir ýurdy teklip edendigini emma hiç biriniň kabul edilmändigini nygtady.
Baýden bolsa ABŞ bilen hyzmatdaşlarynyň Russiýany Ukrainanyň gündogaryna agyr ýaraglaryň we harby enjamlaryň getirilmegi işleriniň jogapkäri hökmünde görýändigini aýtdy.
Beýleki tarapdan Halkara Günä geçişlik guramasy Ukrainada adam söwdasy we gynama bilen baglanşykly subutnamalaryň köpelýändigini aýan etdi.
Halkara Günä geçişlik guramasy aprel-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde esasy bölegi Russiýanyň tarapynda durýan toparlar tarapyndan 500 adamyň zamun alynandygyny mälim etdi.
Ýurtda gynama wakasynyň hem köpelýändigi nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar