Kipr gepleşikleriniň depgini güýçlenýär

Kipr meselesine çözgüt tapmak maksady bilen başladylan gepleşikler tapgyry dowam edýär

114413
Kipr gepleşikleriniň depgini güýçlenýär

Kipriň türk tarapynyň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Kudret Özersaý bilen grek tarapynyň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Anreas Mawroýannis şäriklik döwletiniň gurulmagy üçin düýn tarapsyz zolakda duşuşdylar.
4 sagat dowam eden duşuşykda ÝB we geçiş döwri ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy, iki taraply teklipler seljerildi.
ÝB-niň kararynyň kabul edilmegine birleşen Kipriň haýsy derejede gatnaşjakdygy, esaslandyryjy döwletleriň kararlaryn kabul edilmeginde eýelejek pozisiýalary barada pikir alyşyldy.
Duşuşykda guruljak bilelikdäki döwlete geçiş döwri hem seljerildi.
Türk tarapy duşuşykda ýaşaýyş hukugy barasynda bir teklip hödürlendi.
Kudret Özersaý “Bir esaslandyryjy döwletden gelip, beýlekisine ýerleşjekleriň ýaşaýyşyna ýokary çäklendirme goýulmaly. onuň hem sanynyň we çäginiň nähili kesgitlenjekdigi hem-de ýaşaýyş hukugyna eýe bolan adamlaryň şol esaslandyryjy döwletde näderejede we mukdarda syýasy hukukdan peýdalanyp biljekdigi ýaly ugurlary öz içine alýan namany grek tarapyndan hödürledik” diýdi.
Nobatdaky duşuşygyň 4-nji iýulda geçiriljekdigi habar berildi.
Tarapsyz zolakda geçiriljek gepleşiklere Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Derwiş Erogly we Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis hem gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar