Ukrainada bir günlük ýas yglan edildi

Ukraina urlup düşürilen uçardaky 49 adam üçin ýas tutýar

95117
Ukrainada bir günlük ýas yglan edildi

Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko ekstremistler tarapyndan urlup düşürilen uçarda ýogalan 49 adam sebäpli bir günlük ýas yglan etdi.
Poroşenko şeýle terrorçylykly aksiýalara gatnaşanlaryň ählisiniň jezalandyryljakdygyny nygtady.
Bu hüjüm Ukrainada hökümet bilen ekstremistlerin arasynda birnäçe aýdan bäri dowam edýän çaknyşyklaryň iň pajygalysy boldy.
Harby ýük uçarynyň gonjak mahalynda Lugansk şäherinde urlup düşürilmegi, ekstremistleriň roketa ýaly agyr ýaraglary nireden alýandyklaryny gün tertibine getirdi.
Beýleki tarapdan uçaryň urlup düşürilmegini protest edenler Kiýewde Russiýanyň ilçihanasynyň öňünde jemlenşdiler.
Russiýa garşy şygarlar aýdan demonstrantlar ilçihananyň binasyny taşlady.
Wakanyň dowamynda ilçihananyň ulaglaryndan birine zeper ýetdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar