Abdulfettah Al Sisi üstünlik gazandy

Müsürde geçirlen prezident saýlawynyň resmi netijelerine görä Abdulfettah Al Sisi üstünlik gazandy

82739
Abdulfettah Al Sisi üstünlik gazandy

Müsüriň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Anwer Al Asi paýtagt Kairde metbugata beren beýanatynda Sisiniň 23 million 780 müň 104 ses bilen sesleriň 96, 91 göterimini alyp prezidentlige saýlanandygyny aýan etdi.
Resmi netijeleriň beýan edilmeginden soň Sisä goldaw berýänler Kairdäki Tahrir meýdanynda jemlenişmäge başlady.
Howpsuzlyk güýçleri meýdanda berk howpsuzlyk çärelerini gördi.
Beýleki tarapdan agdarlyşyga garşy hereket saýlawyň netijelerini ykrar etmeýändigini aýan etdi we halka anna güni saýlawyň netijelerine garşylyk görkezmek üçin çagyryş berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar