Sigrid Kaag möhüm beýanat berdi

"Himiki ýaragdan doly 16 konteýner çaknyşyklar sebäpli ýurtdan çykarylyp bilinmeýär"

Sigrid Kaag möhüm beýanat berdi

Siriýanyň hökümetiniň elindäki himiki ýaraglaryň ýok edilmeginden jogapkär toparyň başlygy Sigrid Kaag möhüm beýanat berdi.

Kaag Damaskyň golaýynda himiki ýaragdan doly 16 konteýneriň çaknyşyklar sebäpli ýurtdan çykarylyp bilinmändigini aýtdy.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine himiki ýaraglaryň ýok edilşi etaby hakynda maglumat beren Kaag “Çaknyşyklar sebäpli 16 konteýneriň saklanýan sebitine birip bilmeýäris. Esasan hem 5 konteýnerdäki maddalar diýseň howply sebäpli şolarda zäher bar” diýdi.

Kaag Siriýanyň hökümetiniň elinde galan soňky himiki ýaraglardan doly konteýnerleriň ýurtdan çykarylmagy üçin ot açyşlygyň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanmalydygyny nygtady.

Kaag ozal beren beýanatynda Siriýanyň hökümetiniň elindäki himiki ýaraglaryň 92 göteriminiň ýok edilendigini aýdypdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar