Siriýa goňşy ýurtlaryň maslahaty şu gün İordaniýada geçirler

Maslahata Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly gatnaşar

Siriýa goňşy ýurtlaryň maslahaty şu gün İordaniýada geçirler

Siriýa goňşy ýurtlaryň maslahaty şu gün İordaniýada geçirler.

Maslahata Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly gatnaşar.

İlkinjisi 2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Ženewada, ikinjisi üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda Türkiýede geçirlen maslahatyň üçünjisine İordaniýa ýer eýeçiligini eder.

Siriýa goňşy ýurtlaryň maslahaty Siriýadaky wakalar sebäpli ýurtlaryndan gaçan millionlarça siriýalynyň ýagdaýyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmegi maksat edinýär.

Maslahatda goňşy ýurtlaryň uly jogapkärçiligi öz üstüne almagy bilen baglanşykly meselelere garalar.

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly maslahatyň çäginde özara duşuşyklar hem geçirer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar