Harby synçylar boşadyldy

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň 7 harby synçysy boşadyldy

Harby synçylar boşadyldy

Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Slawýansk şäherinde Russiýanyň tarapdary ýaragly topar tarapyndan zamun alynan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň 7 harby synçysy boşadyldy

Russiýanyň tarapdary ýaragly toparlaryň metbugat geňeşçisi harby synçylaryň ýagşy niýetleriniň görkezijisi hökmünde boşadylandygyny aýtdy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň harby synçylary Germaniýanyň Howa güýçlerine degişli uçarlar bilen Berline geldi.

Harby synçylar Germaniýanyň Goranmak ministri Ursula Won Der Leýen, Daniýanyň Goranmak ministri Nikola Wammen, Çeh Respublikasynyň Goranmak ministri Martin Stropnikin bilen Şwesiýaly we Polşaly ýokary derejeli ýolbaşçylar we maşgalalary tarapyndan garşylandy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň harby synçy toparynyň başlygy polkownik Aksel Şneýder özleriniň boşadylmagy üçin tagalla eden ähli ýolbaşçylara minnetdarlyklaryny bildirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar