Siriýada prezidentlige dalaşgärleriň sany 23 adama ýetdi

Başar Asad bilen birlikde prezidentlige dalaşgärlik üçin ýüz tutanlaryň sany 23 adama ýetdi

Siriýada prezidentlige dalaşgärleriň sany 23 adama ýetdi

Siriýada prezidentlige dalaşgärleriň sany 23 adama ýetdi.

Ziýad Hakawati, Ahmed Kasia, Muhammet Nasr Mahmud, Ali Al Hasan, Ahmed Dabba we Mahmud Musa atly ýene-de 6 adam Ýokary kaziýete Siriýanyň prezidentligine dalaşgärlik üçin ýüz tutdy.

Şeýlelikde häzirki Prezident Başar Asad bilen birlikde prezidentlige dalaşgärlik üçin ýüz tutanlaryň sany 23 adama ýetdi.

Siriýanyň Ýokary kaziýeti 3-nji aprelde geçirilmegi meýlleşdiren prezident saýlawlaryna dalaşgärlik ýüz tutmalaryny 22-nji aprelde kabul etmäge başlady.

Saýlaw kanunyna görä dalaşgärlik üçin ýüz tutanlaryň saýlawlarda prezidentlige dalaşgär hökmünde bäsleşmegi üçin ilkinji nobatda 250 agzaly Siriýanyň Halk Mejlisinde azyndan 35 agzanyň sesini almagy gerek.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar