Angela Merkel ABŞ-da saparda bolýar

Prezidenti Obama bilen duşuşjak Merkeliň gün tertibinde Ukraina meselesi esasy orun eýeleýär

Angela Merkel ABŞ-da saparda bolýar

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel ABŞ-da saparda bolýar.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen duşuşjak Merkeliň gün tertibinde Ukraina meselesi esasy orun eýeleýär.

İki lideriň gün saýyn çuňlaşýan Ukraina krizisi hakynda pikir alyşmagyna garaşylýar.

Merkel telefonynyň ABŞ-nyň Merkezi razwetka gullugy tarapyndan diňlenýändiginiň ýüze çykmagyndan soň ilkinji gezek ABŞ-na sapar guraýar.

Telefon diňlenşigi meselesi Germaniýanyň Kansleriniň gün tertibinde hem esasy orun eýeleýär.

Merkel soňky gezek 2011-nji ýylda ABŞ-na sapar gurapdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar