Rus-ukraina dartgynlygy dowam edýär

Russiýanyň taraplary Ukrainanyň gündogarynda gözegçilik astyna alýan ýerleriniň gerimini giňeldýär

 Rus-ukraina dartgynlygy dowam edýär

Ukrainanyň döwlet baştutany Aleksandr Turçinow ýurduň gündogarynda gözegçiligi elden berendiklerini kabul edip, howpsyzlyk güýçleriniň maksadynyň wakalaryň has-da dartgynlaşmagynyň öňüni almaklykdygyny aýtdy.

Turçinow Ukrainanyň ýaragly güýçlerinin rus basybalyjylaryna garşy iň ýokary derejede hüşgär ýagdaýdadygyny mälim etdi.

Turçinow gubernatorlar bilen geçiren duşuşygynda howpsyzlyk güýçleriniň Donetsk we Luhansk şäherlerindäki aýagagalyşlary basyp ýatyrmagyň hötdesinden gelip bilmändigini, aýagagalyşlaryň Odessa we Harkow şäherlerinde-de başlamagynyň öňüni almaga synanşýandyklaryny aýtdy.

Hospsyzlyk güýçleriniň bir böleginiň Russiýanyň tarapdarlarynyň hataryna goşulandygyny ýa-da olara goldaw berýändigini nygtan Turçinow, on müňlerçe rus esgerinin serhede ornaşandygyna ünsi çekip, “Russiýanyň hüjüme geçme ähtimallygy hakykatdyr” diýdi.

Ukrainanyň Premýer ministri Arseni Ýatsenýuk bolsa ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda halkyň ýurduň gündogaryndaky ýagdaýyň gözegçilik astyna alynmagyny isleýändigini nygtap “eger şol isleg berjaý edilmän halatynda hökümet borjuny berjaý edip bilmeýär diýmeklikdir, hökümetiň düzümi üýtgedilmeli bolar” diýdi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa Ukrainanyň Russiýany basybalyjylyga taýarlanýandygy barasyndaky aýyplamasyny ret etdi. Lawrow Ukrainanyň duşmançylykly beýanatlar bermekden çetde durmalygyny isledi.

Lawrow günbatar ýurtlarynyň goşmaça sanksiýalaryna häzirlikçe garşylyk görkezmejekdiklerini aýtdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Britaniýanyň we İtaliýanyň Premýer ministrler bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Kreml taraplaryň Ukraina meselesiniň parahatçylykly ýollardan çözülmegi barasynda ylalaşýandygyny habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar