Yrakda ýörite saýlaw başlady

Çarşenbe güni geçiriljek saýlawda iş alyp barjak esgerler, polisler we saglygy goraýyş işgärleri bilen tussaglylar şu gün ses bermäge başlady

Yrakda ýörite saýlaw başlady

Yrakda ýörite saýlaw başlady.

Yrakda mejlisiň halk deputatlaryny saýlamak üçin çarşenbe güni geçiriljek saýlawda iş alyp barjak esgerler, polisler we saglygy goraýyş işgärleri bilen tussaglylar şu gün ses bermäge başlady.

Saýlawçylar ilkinji gezek elektroniki kartoçka ulgamy bilen ses berdiler.

Elektroniki kartoçka ulgamyna geçilendigine garamazdan başgasynyň ýerine ses bermegiň öňüniň alynmagy üçin barmagyňa syýa bilen bellik etmek bu saýlawda hem dowam etdi.

Ýörite saýlawlarda Yrakda 1 million, Kürt Awtanomiýasynda bolsa 191 müň saýlawçynyň ses berjekdigi nygtaldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar