Owganystanda sil apatynda 100-den gowrak adam ýogaldy

Owgan ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä sil 4 welaýata ýaramaz täsirini ýetirdi

Owganystanda sil apatynda 100-den gowrak adam ýogaldy

Owganystanyň demirgazygynda bolan sil apatynda 100-den gowrak adam ýogaldy, ýüzlerçe adam öýsüz galdy.

Owgan ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä sil 4 welaýata ýaramaz täsirini ýetirdi.

Farýab we Badhis welaýatlaryny hem öz içine alýan sebitlerde häzire çenli 111 adamyň jesedi tapyldy, 20 adam dereksiz ýitdi.

Sil apatyna duçar bolan sebitlere dik uçarlar bilen kömek berilmäge synanşylýar.

Silde ýüzlerçe öý ýykyldy, ekin ýerleri suwyň aşagynda galdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar