Orta Afrika Respublikasynda bolan çaknyşyklarda 22 adam ýogaldy

Ýogalanlardan 3-niň “Serhet tanamaýan lukmanlar” guramasynyň agzasydygy nygtaldy

Orta Afrika Respublikasynda bolan çaknyşyklarda 22 adam ýogaldy

Orta Afrika Respublikasynda bolan çaknyşyklarda 22 adam ýogaldy.

Ýogalanlardan 3-niň “Serhet tanamaýan lukmanlar” guramasynyň agzasydygy nygtaldy.

Garşydaş toparlaryň arasynda paýtagt Banguiniň 450 kilometr demirgazygyndaky Nanga Boguila şäherçesinde çaknyşyk boldy.

Çaknyşykda 15-i ýerli ýolbaşçy bolmak bilen 19 adam ýogaldy.

Çaknyşyklarda “Serhet tanamaýan lukmanlar” guramasynyň 3 agzasy hem ýogaldy.

Orta Afrika Respublikasynda 2 müňi fransuz we 5 müňi Afrika Bileleşigine agza 7 müň esger howpsuzlygy ýola goýmaga çalyşýar.

18 aýdan bäri dowam edýän çaknyşyklarda müňlerçe adam ýogaldy, 1 milliona golaý adam hem öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar