Müsürde ýene-de 683 adama ölüm jezasy berildi

Müsürde Muhammed Bedii bilen birlikde ýene-de 683 adama ölüm jezasy berildi

Müsürde ýene-de 683 adama ölüm jezasy berildi

Müsürde Musulman Doganlar Guramasynyň Ýolbeletlik geňeşiniň başlygy Muhammed Bedii bilen birlikde ýene-de 683 adama ölüm jezasy berildi.

683 adam agdarlyşyga garşy guralan ýörişlerde bir polisiň ýogalmagyna sebäp bolmak bilen aýyplandy.

Kaziýet geçen aý 529 adam hakynda beren ölüm jezasy bilen baglanşykly soňky kararyny hem beýan etdi.

Kaziýet Musulman Doganlar guramasynyň agzasy 37 adama ölüm jezasyny berdi, 492 adam hem ömür boýy azatlykdan mahrum edildi.

Müsüriň kanunlaryna görä ölüm jezalary kaziýetiň kararyndan soň ýurtduň müftüsine hödürlenýär.

Müftiniň garaýşyna laýyklykda karar ýaňadandan kaziýetiň gün tertibine getirilýän we soňky karar kabul edilýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar