Ilkinji gezek Beýt Hanun gümrük geçelgesinden Gaza ulaglaryň geçmegine rugsat beriler

Penşenbe gününden başlap käbir ulaglar we awtobuslar Gaza geçer

Ilkinji gezek Beýt Hanun gümrük geçelgesinden Gaza ulaglaryň geçmegine rugsat beriler

Ysraýyl 2007-nji ýyldan soň ilkinji gezek Beýt Hanun gümrük geçelgesinden Gaza ulaglaryň geçmegine rugsat berer.

Palestinanyň Raýat işlerinden jogapkär ministrliginiň ýolbaşçylaryndan Muhammed Al Mukadime Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda, ministrligiň çäginde Beýt Hanun ýagny Erez gümrük geçelgesinden ulaglaryň geçmegine rugsat berilmegi üçin Ysraýylly ýolbaşçylar bilen geçirlen gepleşiklerde ylalaşyk gazanylandygyny nygtady.

Penşenbe gününden başlap käbir ulaglaryň we awtobuslaryň Gaza geçjekdigini aýdan Mukadime gümrük geçelgesinden geljek ulaglaryň sany hakynda bolsa maglumat bermedi.

Mesele hakynda heniz Ysraýyl tarapyndan hiç hili beýanat berilmedi, emma ylalaşyga laýyklykda hereket edilen halatynda 2007-nji ýyldan soň ilkinji gezek daşary ýurtlylaryň Gaza girmegi üçin ulanylýan Beýt Hanun gümrük geçelgesinden Gaza ilkinji ulag geçer.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: gümrük geçelgesi , Gaza

Degişli Habarlar