Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habarlar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Germaniýanyň “DPA” habarlar gullugy 20103-nji ýylda Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabynda guralan bombaly hüjümiň jenaýatçysynyň türk howpsyzlyk gullugy tarapyndan Siriýada ele salynandygyny habar berýär. Habarda Latakiýe şäherinde ele salynan raýatyň hüjümiň guralmagy baradaky buýrugy Siriýanyň hökümetiniň howpsyzlyk gullugyndan alandygy nygtalýar.

ABŞ-nyň “AP” habarlar gullugy, Türkiýäniň Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Polşanyň paýtagty Warşawadaky maslahatyny Türkiýä garşy iş alyp barýan terror toparlarlary bilen bolan gatnaşyklary sebäpli boýkot edendigini habar berdi.

Fransiýanyň “AFP” habarlar gullugy bolsa, Türkiýäniň ABŞ-nyň Palestinanyň Waşingtondaky wekilhanasyny ýapmak baradaky kararyndan soň beren beýanatynda kabul edilen kararyň Amerikan hökümetiniň bitaraplygyny ýitirendiginiň görkezijisidigine ünsleri çekendigini ýazýar.

“Russiýanyň Sesi Radiosy” Türk lirasynyn hümmetiniň goralmagy hakyndaky Prezidentiň permanynyň Resmi gazetde çap edilendigini, karara laýyklykda ähli emläk aluw-satuw we kireýine bermelerde walýuta däl, eýsem Türk lirasynyn ulanyljakdygyny habar berýär.

Radio Milli goranmak ministri Hulysi Akaryň Siriýanyň İdlib welaýatyna guraljak operasiýanyň onsuz hem dartgynly bolan sebitde uly pajygalaryň ýüze çykmagyna sebäp boljakdygy barada Russiýa we Siriýa duýduryş berendigine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar