Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Russiýanyň “Sputnik” habarlar gullugy “Türk Akymy Türkiýäniň pozisiýasyny güýçlendirer” söz başyly habarynda, rus gazyny Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak Türk Akymy taslamasynyň Türkiýäniň energiýa howpsyzlygyny berkitmegi taýdan möhümdigini mälim edýär. habarda taslama iş ýüzüne geçenden soň Gresiýanyň başda durmagynda Ýewropa ýurtlarynyň energiýa meselesinde Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda tagalla etjekdigi, Gresiýanyň ýakyn geljekde tebigy gazy Türkiýäniň üstaşyr almagynyň mümkin boljakdygy barada aýdylýar.

ABŞ-nyň halkara “JNN” habarlar ýaýlymy “Dünýäniň belli çümüjilik merkezlerinden biri Eskişehirde” söz başyly habarynda, Eskişehiriň Çifteler etrabynda Sakarýa derýasynyn sakasynda emele gelen süýji suwly çümüjilik giňişliginiň dünýäniň belli ýerlerinden birine öwrülendigi, Sakarýabaşynda köp sanly sport çäresiniň geçirilýändigini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda esaan suw sportlary bilen gyzyklanylýan we Türkiýäniň iň bir dury süýji suwly çümüşleriniň edilýän ýeri bolan Sakarýabaşyna daşary ýurtlardan hem türgenleriň gelýändigine üns çekilýär.

Eýranyň “Pars” habarlar gullugy “Rizespor we Perspolis doganlyk kluby boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Çaýkur Rizespor futbol komandasy bilen Eýranyň ýokary ligadasyndaky Perspolis komandasynyň arasynda doganlyk şertnamasynyň baglaşylandygyny mälim edýär. Habarda futbol klublarynyň eýranly futbolçy Mehdi Taremi meselesinde düşnüşmändigini, indi bolsa klublaryň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň doganlyk şertnamasynyň baglaşylandygyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

ABŞ-nyň “Turkish Amerijan web portal” atly habarlar saýtynyň “Ýan Klod Wandam aksiony Türkiýä getirýär” söz başyly habarynda, Golliwudyň meşhur ýyldyzy Ýan Klod Wandamyň öz adyny göterjek fitness merkeziniň şäriklik şertnamasyna gol çekişmek üçin İzmit şäherine gelendigini ýazýar. Habarda fitness merkeziniň açyljak binasynda metbugat ýygnagyny geçiren Wandamyň “İzmit şäherini diýseň haladym. Stambulyň golaýynda şeýle owadan ýeriň bardygyny bilemokdym. Türkiýä gelenime örän şat. Men sporty söýýärin. Elmydama ajaýyp fitness merkezi ulgamyny bütin dünýä görkezmek isleýärin” diýen sözlerine üns çekilýär. Habarda Wandamyň Stambulda, İzmirde we Ankarada-da sport merkezlerini açjakdygy nygtalýar.



Degişli Habarlar