Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkiýe bilen bagly habarlara giňden orun berýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

 

Britaniýanyň “Roýters” habarlar gullugy “Türkiýe Ierusalym sebäpli Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kesip biler” söz başyly habarynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň “ABŞ Ierusalymy resmi taýdan Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar eden halatynda Türkiýe Ysraýyl bilen edýän diplomatik gatnaşyklaryny kesip biler we bu mesele musulmanlar üçin diýseň möhüm” diýen sözlerine ýer berýär.

Erdogan “Jenap Tramp Palestinanyň halky ýitgi çekýärkä, Ysraýyla goldaw berýän şeýle karar kabul etmek halkara hukugyň basgylanmagy diýmekdir. Bu mesele Türkiýäniň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kesmegine sebäp bolu biler. ABŞ-na sebitdäki dartgynlygyň has-da möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmagy barada duýduryş berýärin” diýdi.

Eýranyň Mehr habarlar gullugy “Kalyn ABŞ-nyň ilçihanasyny Ierusalyma göçürmegi aladalandyrjy diýdi” söz başyly habarynda Türkiýäniň Prezident Diwanynyň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň ABŞ-nyň Ysraýylyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny Ierusalyma göçürmek meýilnamasyna uly alada bildirýändikleri hakyndaky beýanatyna ýer berdi.

Mesele hakynda Twitter arkaly ýüzlenme beren Kalyn “ABŞ-nyň ilçihanasyny Ierusalyma göçürjekdigi hakyndaky habarlara uly alada bildirýärin. Bu Ierusalymyň dini we taryhy özboluşlylygyna, halkara şertnamalara we BMG-nyň kararlaryna bap gelmeýän hereketdir. Ýakyn Gündogaryň onsuz hem dartgynlygy döwründe şeýle kararyň kabul edilmegi sebitde täze dartgynlyklary we çaknyşyklary ýany bilen alyp geler. ABŞ-nyň şeýle uly ýalňyşlyk etmezligini umyt edýäris” diýdi.

Russiýanyň Sesi radiosy “Çawuşogly NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Brýussele bardy” söz başyly habarynda Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele barandygyny habar berdi.

Çawuşogly maslahatyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen duşuşar we  ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-ä ýarag kömeginiň berilmejekdigi hakynda weren wadasy hakynda pikir alyşar.

Mewlüt Çawuşoglynyň grek kärdeşi Nikos Koçias bilen hem duşuşmaryna garaşylýar.



Degişli Habarlar