Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýik habar beriş serişdeleri Türkiýe bilen bagly habarlara giňden orun berýärler

Daşary ýurt metbugatyna syn

ABŞ-niň Turkish American web saýty: “Gepleşikleriň dowamyny öňümizdäki günlerde geçireris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň geçen hepdäniň anna güni telefon söhbetdeşligini geçiren ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen bu hepde ýene-de bir gezek telefon söhbetdeşligini geçirip biljekdigini aýdandygyny habar berýär. Habarda Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T. Erdoganyň  partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda eden çykyşynda anna güni geçirilen telefon söhbetdeşliginde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG-e ýarag kömegini berip, ýalňyş hereket edendiklerini kabul eden Tramp bilen bu hepde ýene-de bir gezek söhbetdeşlik geçirip biljekdigini aýdandygy mälim edilýär.

Eýranyň IRNA habarlar agentligi: “Janikli: Siriýada 12 gözegçilik nokady gurarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Nurettin Janikliniň Ankaranyň Siriýanyň territoriýasynda 12 gözegçilik nokadyny gurmagy maksat edinýändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Nurettin Janikliniň Britaniýada geçiren metbugat ýygnagynda: “Häzirki wagta çenli Siriýanyň terrirtoriýasynda Idlibde 3 sany gözegçilik nokadyny gurdyk. Astana gepleşiklerinde gazanylan ylalaşygyň çägine görä şol gözegçilik nokatlaryň sany 12-ä ýetiriler” diýendigi beýan edilýär.

Russiýanyň Sputnik web saýty: “OECD Türkiýäniň ösüş çaklamasyny ýokarlatdy” söz başyly habarynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasynyň (OECD)  Türkiýäniň ösüş çaklamasyny 2017-nji ýyl üçin 3,4 göterimden 6,1 göterime, 2018-nji ýyl üçin bolsa 3,5 göterimden 4,9 göterime ýokarladandygyny habar berýär. Habarda OECD-niň Global Ykdysady görnüş habarnamasyny çap edendigi, şoňa laýyklykda 2019-nji ýyl üçin Türkiýäniň ösüş çaklamasynyň 4,7 göterim hökmünde kesgitlenendigi bellendi.

ABŞ-nyň CNN halkara habar kanaly: “Autizmli türk gyzyndan Budapeştde ajaýyp pianino konserdi” söz başyly habarynda, Wengriýanyň paýtagty Budapeştde 19 ýaşly autizmli türk gyzy Beril Zorlunyň pinanoda çalyp konsert berendigini mälim edýär. Habarda "Saz we böwetsiz ýolagçylygym" atly pianino konserdinde dünýä meşhur daşary ýurtly kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetiren Zorlunyň türk eserlerini hem ýerine ýetirendigi nygtalýar.


Etiketkalar: konsert , Ankara , Siriýa , CNN , IRNA , saýt

Degişli Habarlar