Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýik habar beriş serişdeleri Türkiýe bilen bagly habarlara giňden orun berýärler

Daşary ýurt metbugatyna syn

Azerbaýjanyň “APA” habarlar gullugynyň: “Erdogan: Asad ýerinde durýan bolsa şunja gan näme üçin döküldi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparynda sözlän sözünde: “ABŞ-nyň sebitimizde alyp barýan syýasatynyň ýalňyşdygyny beýan edip geldik” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Habarda Erdoganyň ABŞ-nyň derdiniň başgadygyny nygtap: “Terrro guramasy DAİŞ-i ýok edendigiňizi aýdýaňyz, emma ýarag ýüklenen ulaglar Siriýa näçe üçin gidýär? Ol näme üçin dowam edýär? Siz haýsy ýurda garşy ýaraglanýaňyz? Derdiniz başga. Biz näme üçindigini bilýäris, şoňa görä degişli çäreleri göreris. Hiç Türkiýäniň sesini çykarman oturmagyna garaşmasyn. Siriýada Başar Asad entegem ýerinde otyr. Eger şeýle bolsa şunça gan näme üçin döküldi? Diýmek, mesele terrorçylyga garşy göreş, demokratiýanyň ýola goýulmagy ýa-da bigünä adamlaryň hukuklarynyň goralmagy däl. Biz goňşularymyza beýle çemeleşilmegine ünssiz galmarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Eýranyň “İRİB” internet saýty: “Eýran, Russiýa we Türkiýe galan terrorçylary ýok etmek barada ylalaşdy” söz habarynda, Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleri Gerasimowyň Muhammed Bakyri we Hulusi Akar bilen Soçide duşuşandygyny, taraplaryň duşuşykda Siriýadaky wakalar, galan terror toparlarynyň ýok edilmegi we dartgynlygy azaldyş zolaklarynda utgaşyklygyň derejesini ýokarlandyrjak çäreler bilen Siriýadaky çykgynsyzlygyň syýasy çözgütleri barada pikir alyşandyklaryny ýazýar. Habarda Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada Siriýanyň İdlib şäherindäki dartgynlygy azaldyş zolagynda utgaşyklygyň derejesinin artdyrylmagy we terror guramalary DAİŞ bilen Al Nusradan galan terrorçylardan saplanmagy barada ylalaşylandygy barada nygtalýandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

ABŞ-nyň “Turkish-Amerikan” internet saýtdy: “THÝ kargo güýçlenýär” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň baş müdiri Bilal Ekşiniň THÝ-niň kargo boýunça rekord goýandygyny aýdandygyny mälim edýär.

Russiýanyň “Sputnik” internet saýtdynda: Türkiýä ilkinji Emmi baýragy” söz başyly habarynda, 60-dan gowrak ýurtda ýaýlyma berilen “Kara Sewda” atly serialyň Halkara Emmi baýraklarynda “Telenowella” kategoriýasynda “İň çeper produksiýa” baýragyna laýyk görülendigine ünsleri çekýär.


Etiketkalar: habar , Siriýa , Soçi , Türkiýe , Russiýa , Eýran

Degişli Habarlar