Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

Krymyň Krym habarlar agentligi: “Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: Türkiýe ahyska türkleriniň ýanynda bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň ahyska türkleriniň sürgün edilmeginiň 73-nji ýyly mynasybetli ýüzlenme çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden ahyska türkleriniň ata watanlary bolan Ahyskadan sürgüne iberilmeginiň 73-nji ýyly bilen baglanşykly berilen ýüzlenmede 1944-nji ýylyň 14-nji noýabrynda aglabasy çagalar, zenanlar we ýaşuly adamlardan ybarat 100 müňe golaý ahyska türküniň ata watanlary bolan Gruziýanyň Ahyska sebitindäki öýlerinden SSSR-iň müňlerçe kilometrlik uzaklykdaky ýerlerine sürgün edilendikleri ýatladylandygy bellenýär. Beýanatda: “Bu gam-gussaly wakany uly gynanç bilen hatyralaýarys, sürgün edilen mahaly ýogalan doganlarymyzyň dogan-garyndaşlaryna Alladan rehnet dileýäris. Türkiýe nirde bolsa bolsyn ahyska türkleriniň ýanynda bolmagyny dowam etdirer” diýildi.

Russiýanyň Ria Nowosti habarlar agentligi: “Oba-hojalyk ministrligi ýylyň ahyryna çenli eksport ediljek türk pomidorynyň mukdaryny kesgitledi” söz başyly habarynda, Russiýanyň Oba-hojalyk ministrliginiň ýylyň ahyryna çenli Türkiýeden import ediljek pomidoryň mukdarynyň 50 müň tonna hökmünde kesgitländigini habar berýär. Habarda Russiýanyň türk pomidorynyň importynyň gadagan edilmegi bilen baglanşykly kararynyň 1-nji noýabrda goý bolsun edilendigi bellenýär.

Gresiýanyň Zougla habarlar agentligi: “Türk howa ýollarynyň girdejisi artdy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň şu ýylyň 3-nji çärýegindäki arassa girdejisiniň 939 million dollar bolandygyny mälim edýär. Habarda 2017-nji ýylyň 3-nji çärýegindäki ykdysady görkezijilerine görä THÝ-nyň sentýabr aýyndaky dolulyk derejesiniň bolsa 81,4 göterime deň bolandygy, Samara we Puket ýaly täze gatnawlaryň ýola goýulmagy bilen birlikde 2017-nji ýylyň 3-nji çärýeginde gatnaw nokatlarynyň sanynyň 120 ýurda, 49 gatnawyň ýurdyň öz içine, 251 gatnaw daşary ýurtlara bolmak bilen jemi 300 nokada sapar guraýandygy beýan edilýär. Turkish Cargo bolsa 2017-nji ýylyň 3-nji çärýeginde gatnaw nokadynyň sanyny 55-den 72-ä ýetirendigi nygtalýar.

Britaniýanyň BBC türkçe internet saýty: “Assiriýaly täjirleriň planşetleri bilen Anadolyda täze taryhy şäherler tapyldy” söz başyly habarynda, Kaýseriniň golaýynda geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bürünç asyryna degişli 12 müň sany planşet tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda arheologlaryň we hünärmenleriň şolaryň saýasynda müňlerçe ýyl ozal Anadolyda gurulan taryhy şäherleriň salgysyny tapandygy ýazylýar. Internet saýty alymlaryň 4 müň ýyl ozal häzirki Yragyň territoriýasyndan gaýdan assiriýaly täjirleriň Anadola ýerleşmäge başlandygyny we sebitde söwda edendiklerini aýdandyklaryny belleýär. Merkezi ofisi ABŞ-de ýerleşýän Milli ykdysady derňew merkezi tarapyndan çap edilen ylmy işde täjirleriň eksportlary, bergileri we täze söwda şertnamalary ýazylan planşetlerde ozal alymlara mälim bolmadyk taryhy şäherleriň nirede bolup biljekdigi barada maglumatlaryň bardygy nygtalýar.



Degişli Habarlar