Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

ABŞ-nyň Turkish Amerikan Web saýty: “Premýer ministr: “ABŞ-na kepilnama bermek hukuk döwletiniň ýörelgelerine laýyk gelmez diýdi” söz başyly habarynda Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň ABŞ-nyň paýtagty Waşintona gurajak saparynyň öňüsyrasynda Ankaranyň Esenboga howa menzilinde metbugata beren beýanatynda ABŞ bilen wiza ýüz tutmalarynyň çäkli hem bolsa başlamagy hakynda maglumat berendigini habar berýär.

Premýer ministr Ýyldyrym “ABŞ-na kepilnama bermek ýada olaryň bize kepilnama bermegini islemek hukuk döwletiniň kadalaryna laýyk gelmez” diýdi.

Merkezi Fransiýada ýerleşýän Euronews habar kanaly “Atak, Anka we Hürkuş Taýlantda tanyşdyryldy” söz başyly habarynda Türk Awiasiýa we kosmos senagaty TUSAŞ/TAI-niň öndüren howa ulgamlary bilen Günorta gündogar Aziýa Halklar bileleşigi ASEAN-a agza ýurtlaryň bazarlaryna girmäge çalyşýandygyny habar berýär.

Taýlantda geçirlen Goranyş we howspzylyk sergisine gatnaşan TAI-niň ýolbaşçylary sergä gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri bilen möhüm gepleşikler geçirdi.

Taýlantly ýolbaşçylar Atak dik uçarlary, Malaýziýa bolsa Anka bilen ýakyndan gyzyklanýar.

ASEAN-a agza ýurtlardan daşary Günorta Aziýada ýerleşýän Bangladeş bolsa Anka, ýaragly we ýaragsyz Hürkuş we Atak dik uçarlary bilen gyzyklanýar.

Pars aýlag ýurtlarynyň hem ünslerini özüne çekýän TAI noýabr aýynyň 12-16-y aralygynda bolsa Dubaide geçiriljek Airşowa gatnaşar.

ABŞ-dan ýaýlym berýän halkara CNN habar kanaly “Daun sindromly Muhammed Ýewropanyň üns merkezinde” söz başyly habarynda Türkiýäniň Denizli welaýatynda ýaşaýan dawn sindorymly ýüzüji Muhammed Tugrul Şahiniň Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlen DSISO Ýewropa açyk ýüzme çempionadynda 200 metrde 4 minut 21 sekuntlyk derejesi bilen  uly rekord goýandygyny mälim edýär.

Ýewropa birinji bolan Muhammed Tugrul ozal hem halkara derejesinde geçirlen ýüzme bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazandy.

 

CNN habar kanaly başga bir habarynda bolsa Türkiýäniň sportda gazanýan üstünlikleri bilen däl eýsem guramaçylyklary bilen hem ünsleri özüne çekýändigini aýan edýär.

Habarda Türkiýäniň 2019-njy ýylda Ýewropa Zenanlar küşt çempionadyna we 2020-njy ýylda Ýewropa ýaşlar küşt çempionadyna ýer eýeçiligini etjekdigi nygtalýar.



Degişli Habarlar