Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

Russiýanyň Sesi radiosy: “Daşary işler ministri Çawuşogly Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýär. Habarlar agentligi Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä Lawrow we Çawuşogly Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Siriýa temaly maslahatyň çäginde Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny beýan edýär. Habarda Lawrowyň we Çawuşoglynyň siriýaly taraplaryň arasyndaky gepleşikler etabyny has hem höweslendirmek üçin tagalla etmäge taýardyklaryny belländikleri habar berilýär.

ABŞ-nyň VOICE OF AMERİCA: “Türk diasporasy daşary ýurtlarda has täsirli bolar” söz başyly habarynda, TBMM-nyň Adam hukuklary komissiýasynyň başlygy Mustafa Ýeneroglynyň hökümet hökmünde daşary ýurtlarda ýaşaýan 6 müň türk raýatynyň güýçlenmegi üçin giň-gerimli ýagdaýda işe girişilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Ýeneroglynyň şol çäkde daşary ýurtlarda ýaşaýan türkleriň meseleleriniň çözülmegi üçin TBMM-nyň ýolbaşçylygynda gönüden-göni daşary ýurtlarda ýaşaýan türkleriň meseleleriniň çözülmegi üçin ýörite toparyň dörediljekdigini aýdandygy ýazylýar. Habarlar agentligi daşary ýurtlarda ýaşaýan türkleriň sanynyň 6 milliondan geçendigini, şolaryň 5 millionynyň Günbatar Ýewropada, 650 müňüniň bolsa Fransiýada ýaşaýandygyny aýdan Mustafa Ýeneroglynyň daşary ýurtlardaky türkler tarapyndan gurulan ýerli metbugat gulluklaryny reklamlar arkaly goldanjakdygyny, daşary ýurtlarda türk öýleriniň açyljakdygyny, jemgyýetçilik guramalarynyň goldanmagy babatynda bolsa işleriň alynyp barylýandygyny aýdandygyna ünsi çekýär.

Krym Awtonom Respubliksynyň Krym habarlar agentligi: “Türk Akymy taslamasy 2019-njy ýylda işlemäge başlar” söz başyly habarynda, Russiýadan Türkiýä ýylda ýylda 15,75 kub metr tebigy gaz daşajak Türk Akymy taslamasyndan ilkinji gazyň 2019-njy ýylda iberilmäge başlanjakdygyny habar berýär. Habarda Türk Akymy taslamasynyň metbugat sekretary Sander Wan Rootselaaryň mesele bilen bagly geçirilen maslahatda taslamanyň Türkiýeden Ýewropa ýetiriljek liniýasynyň BOTAŞ-Gazprom kärhanalary tarapyndan dörediljek kärhana tarapyndan guruljakdygyny aýdandygy nygtalýar. Maslahatda Türk Akymy taslamasynyň Ýewropa gaz daşajak 2-nji turbanyň nirden geçiriljekdigi baradaky gepleşikleriň dowam edýändigi bellendi.

Hytaýyň CHİNA INTERNATİONAL RADİO CRI habarlar gullugy: “Türkiýäniň syýahatçylyk girdejisi 37,6 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahaçylyk girdejisi şu ýylyň 3-nji çärýeginde geçen ýylyň 3-nji çärýegi bilen deňeşdirilende 37,6 göterim artyp, 11 milliard 391 million 668 mçň dollara ýetendigini okyjy köpçüligini dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň Hasabat guramasy iýul-sentýabr aýralyrynyň syýahatçylyk boýunça hasabatyny çap etdi. Şoňa laýyklykda syýahatçylyk pudagynyň girdejileriniň 77 göterimi daşary ýurtlylardan, 23 göterimi bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan türklerden alynandygy beýan edilýär.



Degişli Habarlar