Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

ABŞ-nyň AP habarlar gullugy “Türkiýe Idlib operasiýasynyň tamamlanyp barýandygyny habar berdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Siriýanyň Idlib şäherinde dartgynlygy azaltmak üçin guraýan operasiýasynyň esasy böleginiň tamamlanandygyna ünsi çekendigini mälim etdi.

Partiýasynyň mejlis toparynda halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş eden Prezident Erdogan mundan soň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-niň gözegçiligi astyndaky Afrine operasiýa gurap biljekdiklerini belledi.

Prezident Erdogan “Öňümizde Afrin meselesi bar. Hiç hili egilşik etmeris duýdansyz ýagdaýda bir gije Afrina girip bileris” diýdi.

Gresiýada çap edilýän “Eleftheros Tipos” gazeti “Koçias Türkiýede saparda boldy” söz başyly habarynda Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Koçiasyň duşenbe güni Türkiýä gidendigini habar berdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň çakylygyna laýyklykda guralan saparda Koçias Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Soňky gezek Türkiýäniň Premýer ministri Binaly Ýyldyrym hem iýun aýynda Gresiýada saparda bolupdy.

Eýranyň Parstoday Radio we internat saýty “Erdogan Kataryň Daşary işler ministrini kabul etdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Kataryň Daşary işler ministri Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sanini Prezidentiň kompleksinde kabul edendigini aýan edýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem gatnaşmagyndaky kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň “Nezawisimaýa” gazeti “Nowak Türk akymy tebigi gaz turba geçirijisiniň geljegi hakynda maglumat berdi” söz başyly habarynda Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowagyň Türk akymy tebigi gaz turba geçirijisiniň geljegi hakynda beren beýanatyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Nowak beýanatynda “Türk akymy tebigy gaz turba geçirijisi taslamasynda 370 kilometrdan gowrak ýere turba çekilendigini nygtady.


Etiketkalar: gazet , taslama , turba , Türk Akymy , Afrin , ABŞ

Degişli Habarlar