Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Russiýanyň “Sputnik” habarlar gullugy “Erdogandan ÝB-ne: Kabul etmejek bolsaňyz beýan ediň” söz başyly habarynda, resmi sapar bilen Polşa baran Prezident R.T.Erdoganyň kardeşi Anrež Duda bilen duşuşandygyny mälim edýär. Habarda liderleriň özara we topara gepleşiklerden soň bilelikde metbugat ýygnagyny gurandygy, Türkiýe-ÝB gatnaşyklary barada durup geçen Erdoganyň Türkiýäniň 63 ýyldan bäri ÝB-ne kabul edilmändigini ýatladyp: “Biziň ýüz tutmamyzdan soňky döwürde kabul edilen ýurtlaryň biziň bilen deňeşdiriljek tarapy ýok. Kabul etmejek bolsaňyz aýdyn. Ne siz bizi güýmäň, ne biz sizi” diýen sözlerine üns çekilýär.

Eýranyň “İRİB İnternet” habarlar saýty “Ýyldyrym: Kürt Awtonomiýasyna goşmaça sanksiýalar goýular” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisdäki maslahatynda çykyş eden Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Kürt Awtonomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçirilen garaşsyzlyk referendumyndan soňky wakalara ünsi çekip: “Kürt Awtonomiýasyna garşy goşmaça sanksiýalar boýunça Eýran we Yragyň merkezi hökümeti bilen bilelikde hereket edýäris. Ozal Erbile we Süleýmaniýä bolan uçar gatnawy bes edildi we Milli howpsyzlyk geňeşiniň mejlisinde türk howa giňişligini Demirgazyk Yragyň uçuşlaryna ýapandygymyzy beýan etdik. Şeýle-de Halil İbrahim gümrük geçelgesiniň merkezi hökümete berilmegi boýunça işler başlady” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Germaniýanyň “Die WElt-İnternet” elektron neşiri “Şroýder Russiýa we Türkiýe bilen gowy gatnaşyklaryň tarapynda” söz başyly habarynda, Germaniýanyň ozalky Federal Kansleri Gerhard Şroýderiň ÝB-niň Russiýa we Türkiýe bilen gatnaşyklarynyň has-da gowy bolmalydygyny pikir edýändigini ýazýar. Habarda şol iki ýurt bilen gatnaşyklar kadaly bolman halatynda Gündogar Ýewropada durnuklylygyň bolmajakdygyny öňe süren Şroýderiň Monçengladbahda eden çykyşynda: “Russiýanyň we Türkiýäniň Ýewropadan başga alternatiwiniň bardygyny ýatdan çykarmalyn. Olar Orta Aziýa gönügip biler” diýen sözleri ýerleşdirilýär.

Fransiýanyň “AFP” habarlar gullugy “Mogadişoda ýaralananlar Türkiýede bejerilýär” söz başyly habarynda, Somaliniň paýtagty MOgadişoda şenbe güni guralan hüjümde ýaralananlaryň bejergi üçin Türkiýä getirilendigini mälim edýär. Habarda 35 somalilini alyp gelen türk harby tiz kömek uçarynyň Ankaranyň howa menziline gonandygyny, Türkiýäniň 300-den gowrak adamyň pida bolan hüjümini berk ýazgarandygyny nygtaýar.



Degişli Habarlar