Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkiýe bilen bagly habarlar giň beýan tapýar

Daşary ýurt metbugatyna syn

ABŞ-nyň AP habarlar gullugy: “Erdogan tussag edilen Amerikan konsullygynyň işgäriniň içalydygyny aýtdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň türk resmileri tarapyndan tussag edilen ABŞ-nyň Başkonsullygynda işleýän adamynyň içalydygyny we Türkiýäniň bular ýaly Içerki howpa garşy gerek bolan ädimler ätmekde hukugynyň bardygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Serbiýanyň paýtagty Belgratda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Erdoganyň: “Bu içalylar ABŞ-nyň Başkonsullygyna nädip girdi? Özi girmedik bolsa kim işe saldy?” diýendigini nygtaýar.

Russiýanyň RIA Nowosti habarlar agentligi: “Türkiýäniň Premýer ministri Idlibde çaknyşyksyz zolaklaryň döredilmeginiň üstünde durup geçdi” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Idlibde çaknyşyksyz zolaklaryň döredilmegine gözegçilik etjek ýerleriň döredilmegi üçin 8-nji oktýabrdan bäri razwedka işlerini alyp barýandygyny aýdandygyny habar berýär. Habarlar agentligi Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki topariçi maslahatynda söz sözlän Binali Ýyldyrymyň resmi Ankara bilen Waşingtonyň arasynda başdan geçirilýän diplomatik krizisden soň türk raýatlaryna wiza berilmeginiň bes edilendigini yglan eden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu hereketiniň iki ýurdyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga bap gelmeýändigini aýdandygyny mälim edýär.

Eýranyň Farsnews habarlar agentligi: “Türkiýäniň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň mekir ilçisiniň duşuşyk talabyny ret etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Adalat ministri Abdülhamit Güliň Türkiýä garşy ýerliksiz beýanatlar beren ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyraly ilçisi Jon Bassyň duşuşyk baradaky teklibini kabul etmändigini belleýär. Habarda Türkiýäniň bu dik duruşynyň ABŞ-da täsir galdyrandygy ýazylýar.

Germaniýanyň DW habarlar gullugy: “Halkara Pul gaznasy Türkiýe üçin ösüş çaklamasyny ýokarlatdy” söz başyly habarynda, Halkara Pul gaznasy IMF-niň Türkiýäniň ösüş çaklamasyny şu ýyl üçin 5,1 göterim, 2018-nji ýyl üçin bolsa 3,5 göterim diýip täzeländigini beýan edýär. Habarda Halkara Pul gaznasynyň (IMF) Bütindünýä Ykdysady görnüş habarnamasynyň oktýabr aýyndaky sanyny Dowamly ösmegi maksat edinmek ady bilen çap edendigi nygtalýar. Habarlar gullugy Halkara Pul gaznasynyň 2017-nji we 2018-nji ýyllaryň global ösüş çaklamasyny 0,1 göterim artdyrandygyny belleýär. Habarlar gullugy üstümizdäki hepde başlajak “Halkara Pul gaznasy (IMF) –Bütindünýä bankyň bilelikdäki ýyllyk maslahatyndan” ozal çap edilen habarnamada global ykdysadyýetdäki siklleýin dikelmäniň kynlaşýandygy bellenip, global ösüş çaklamalaryny şu ýyl 3,6 göterim we öňümizdäki ýyl üçin bolsa 3,7 göterim hökmünde tazelendiğine ünsi çekýär.


Etiketkalar: Jon Bass , ABŞ , içaly , Ria Nowosti , DW , AP

Degişli Habarlar