Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkiýe bilen bagly habarlar giň beýan tapýa

Daşary ýurt metbugatyna syn

ABŞ-nyň Voice of America habarlar agentligi: “Erdogan: Yragyň Kürt Awtonomiýasyndan bikanun garaşszylyk referendumy täze gam-gussalaryň habarçysy” söz başyly habarynda, Yragyň Kürt Awtonomiýasynda 25-nji sentýabrda geçirilen bikanun garaşsyzlyk referendumyna garşy reaksiýalaryň dowam edýändigini habar berýär. Habarlar agentligi  Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň düýn paýtagt Ankarada 2017-2018-nji okuw ýylynyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşandygyny belleýär. Habarda Erdoganyň ol ýerde eden çykyşynda Türkiýäniň soňky wagta çenli Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň lideri Mesut Barzaniniň olar ýaly ýalňyş hereket etjekdigine ynanmandygyny belläp: “Ýalňyşypdyrys. Gatnaşyklarymyzyň taryhdaky iň gowy zamanasynda kabul edilen bu karar ýurdumyza garşy hyýanatdyr” diýendigi beyan edilýär. Habarlar agentligi Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň ähli duýduryşlara, ähli garşylyklara garamazdan garaşsyzlyk referendumyny geçirmekde tutanyerli çemeleşendigini aýdan Türkiýäniň Prezidentiniň bu saýlawyň bar bolan Yragyň konstitutsiýasy taýdan hiç hili güýjüniň ýokdygyny, Ysraýyldan başga tarapdarynyň hem bolmandygyny belländigini nygtaýar. Habarlar agentligi Erdoganyň: “90-92 göterim bilen tassyklanypdyr. Onuň bir güýji barmy? Seniň garaşsyzlygyňy kim kabul eder? Ysraýyl. Dünýä Ysraýyldan ybarat dälä” diýip nygtandygyna ünsi çekýär.

Germaniýanyň Deutsche Welle (DW) media guramasy: “Germaniýadaky saýlawlaryň netijesinde Erdoganyň duýduryş beren tarapyna gelindi” söz başyly habarynda, Germaniýada 24-nji sentýabrda geçirilen umumy saýlawlarda saýlawçylaryň Angela Merkeliň bosgunlar bilen bagly syýasatyndan hoşal däldigini görkezendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar agentligi onuň bolsa Erdoganyň ýygy-ýygydan gün tertibe getiren yslama we bosgunlara garşy partiýa bolan Germaniýa üçin Alternatiw partiýasynyň işine ýarandygyny belleýär. Habarda Germaniýa üçin Alternatiw partiýasynyň ikinji  umumy saýlawlarda 100-e golaý deputaty bilen Federal Mejlise iň uly 3-nji partiýa bolup girmegi başarandygy ýazylýar.

Russiýanyň Radio we habarlar agentligi Sputnik: “Stambul dünýäniň iň meşhur 10 şäheriň arasynda” söz başyly habarynda, merkezi ofisi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän Halkara maliýe kärhanasy Mastercard tarapyndan taýarlanan 2017-nji ýyl Global maksat şäherler indeksinde Stambulyň şu ýyl dünýäde iň köp daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegine garaşylýan ilkinji 30 şäheriň arasynda 10-njy ýere mynasyp bolandygyny mälim edýär. Habarlar agentligi Mastercard kärhanasynyň Global maksat şäherler indeksine görä geçen ýyl 9,6 million daşary ýurtly myhman gelen Stambul şäheriniň Ýewropanyň iň meşhur şäherleriniň arasynda 3-nji oruna geçendigini nygtaýar. 2017-nji ýylda bolsa şähere takmynan 9,24 million adamyň gelmegine garaşylýandygyna ünsi çekýär. Eýýäm 9 ýyl bäri taýarlanýan habarnama jemi daşary ýurtly myhmanlaryň sany, serhetden näçe adamyň geçendigi, daşary ýurtlylaryň şol şäherlerde sowan pullary we ýolagçy sanyndaky üýtgeşiklikler göz öňünde tutulyp taýarlanýar.

ABŞ-nyň halkara habarlar gullugy CNN: “Ordudaky ýaýlaglarda turistleriň artyşy” söz başyly habarynda, Ordu welaýatynyň 1500 metr beýiklikde ýerleşýän Aýbasty Penşenbe ýaýlagynyň arap syýahatçylarynyň üns merkezindedigini beýan edýär. Habarlar gullugy Aýbasty etrabynyň häkimi Izzet Gündogaryň Pars aýlagy ýurtlaryndan şu ýyl gelen syýahatçylaryň sanynyň artandygyny belläp: “Tanyşdyrylyş çäreleri indi miwesini bermäge başlady. Dynç almaga gelýän syýahatçylaryň sany örän artdy” diýendigine ünsi çekýär. Geçen ýyl Penşenbe ýaýlagyna 500 müň ýerli we daşary ýurtly syýahatçy bardy. Şu ýyl şol sanyň 700 müňe ýetmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar