Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkiýe bilen bagly habarlar giň beýan tapýa

Daşary ýurt metbugatyna syn

Eýranyň IRNA habarlar gullugy: “Erdogan: Türkiýe S-400 raketa ulgamlaryny Russiýadan alar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň şertnama gol çekileninden we etap tamamlananyndan soğ Türkiýäniň S-400 raketa goranyş ulgamlaryny Russiýadan aljakdygyny aýdandygyny habar berýär. Habarlar gullugy Gazagystan saparyndan gaýdyp gelýärkä metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Erdoganyň Russiýadan S-400 ulgamlarynyň alynmagy bilen baglanşykly ilkinji pullaryň geçirilendigini belläp: “S-400 raketa goranyş ulgamlarynyň satuwy we berilmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy we ilkinji pullar iberildi” diýendigini beýan edýär. Habarda Erdoganyň: “Bu şertnamadaky nobatdaky etap Russiýanyň Türkiýä berjek kredit bilen baglanşyklydyr. Hem men hem Russiýanyň Prezidenti Putin bu ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginde tutanýerlidiris” diýendigi bellenýär.

Azerbaýjanyň Trend habarlar gullugy: “Türkiýäniň ÝB baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, ÝB ministri Ömer Çeligiň Britaniýanyň paýtagty Londonda eden çykyşynda aşa toparlaryň iň köp isleýän zadynyň musulman, dünýewi, demokratik bir hukuk döwlete eýe bolan Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň gopmagydygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Ömer Çeligiň: “ÝB Geňeşiniň Baş sekretary bilen geçiren gepleşigimiz netijeli geçdi. ÝB bilen gepleşiklerimizi dowam etdireris. Onuň ýoly bolsa ÝB-niň gepleşiklerdäki ukybydyr” diýendigi ýazylýar.

ABŞ-nyň Turkish American Web saýty: “THÝ-dan Maýama goşmaça uçar gatnawy” söz başyly habarynda, ABŞ-da täsirli bolan Irma tupany sebäpli Türk howa ýollarynyň goşmaça uçar gatnawyny ýerine ýetirjekdigini mälim edýär. Habarlar saýty THÝ tarapyndan berilen beýanata görä ady agzalan tupan sebäpli şu gün Maýamiden Stambula bir sany goşmaça uçar gatnawynyň ýerine ýetiriljekdigini belleýär.

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy: “Gazprom we Botaş Türk Akymyny Ýewropa ýetirmek üçin bilelikde iş alyp barar” söz başyly habarynda, Gazprom we Botaş kärhanalarynyň Türk Akymy tebigy gaz geçiriji turbanyň Ýewropa ýetiriljek bölüminiň gurluşygy üçin umumy kärhana gurjakdygyny habar berýär. Habarlar gullugy Gazprom tarapyndan berilen beýanatda: “Bilelikdäki kärhana Russiýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen hökümetara şertnamanyň çäginde Türk Akymynyň Türkiýäniň territoriýasyndaky böleginiň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin döredilýär” diýilendigi nygtalýar.


Etiketkalar: Russiýa , Trend , Azerbaýjan , Eýran , IRNA

Degişli Habarlar