Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habarlar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

Hytaýyň Şinhua habarlar gullugy: “Prezident Erdogan Yragyň birligini goramaga çagyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Yragyň territorial bütewiligini goramaga we Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň geçirmek isleýän garaşsyzlyk referendumynyň öňüniň alynmagynyň möhümdigini aýdandygyny habar berýär. Habarlar gullugy Erdoganyň: “Durnuksyzlyga sebäp bolmagynyň daşynda Yrakda ediljek her ädim, islendik täsiri bolmaýan täze meseleleriň ýüze çykmagyna eltip biler” diýendigini belleýär.

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy: “Zebýekji: Katara goldaw bermedik, eksport etdik” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň Türkiýäniň Katara goldaw bermändigini, 20 million dollarlyk eksport edendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Zeýbekjiniň: “Türkiýe kömek bermeýär. Puluny alyp eksport edýäris. Häzirki wagta çenli takmynan 200 ýük uçary bilen eden belkem dünýädäki iň uly logistika operasiýasyny ýerine ýetirdik” diýendigini nygtaýar.

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy: “Çawuşogly: Grek tarapynyň berýän beýanatlary ownuk we talaplary bolgusyz” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Şweýsariýanyň Krans-Montana şäherinde geçirilen we netijesiz tamamlanan Kipr gepleşiklerinde türk tarapynyň Kipr gepleşiklerinde konstruktiw pozisiýa eýeländigini aýdandygyny mälim edýär. Habarlar gullugy Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 44-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Kot-d Iuwara giden Çawuşoglynyň ol ýerde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berendigini beýan edýär. Habarda Çawuşoglynyň: “Kipr gepleşiklerinde örän konstruktiw pozisiýa eýeledik. Grek tarapynyň berýän beýanatlary ownuk we talaplary bolgusyz” diýendigi ýazylýar.

Gresiýanyň Estia habarlar gullugy: “Prezident Erdogana ABŞ-den öwgi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň Stambulda geçirilen XXII Bütindünýä Nebit kongresine gatnaşandygyny habar berýär. Gazet 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň üstünde duryp geçen Reks Tillersonyň: “Takmynan 1 ýyl ozal türk halky, edermen erkekler we zenanlar huntaçylara garşy durdy we öz demokratiýalaryna eýe çykdy. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda ýogalanlaryň edermenliklerini we batyrgaýlyklaryny takdyr edýärin. Türk halky konstitutsiýadaky hukuklaryny ulanyp, öz ýurtlaryny gorady” diýendigini nygtaýar.



Degişli Habarlar