Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habarlar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

Britaniýanyň Reuters habarlar gullugy: “Kataryň çetleşdirilmegi Yslama gabat gelmeýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Kataryň goňşy ýurtlar tarapyndan çetleşdirilmegini ýazgardy we herekediň Yslam gymmatlyklaryna ters gelýändigini aýdandygyny belledi. Habarlar gullugy Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň maslahatynda gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň üstünde durup geçendigini beyan edýär. Habarda eden çykyşynda Pars aýlagy krizisiniň hem üstünde durup geçen Erdoganyň: “Katar bilen baglanşykly örän uly ýalňyşlyklaryň bardygyny görýäris. Bu ýurdyň halkyny çetleşdirmek adamzat gymmatlyklaryna bap gelmeýär, Yslam tarapdan hem dogry däldir. Katar terror guramasy DAIŞ-e garşy Türkiýe bilen birlikde iň erjel göreşen ýurtdyr. Gaýrat ediň biri-birimizi aldatmalyň. Katary günäkär ýaly görkezmegiň sebite hiç hili peýdasy ýokdyr” diýendigi ýazylýar.

Italiýanyň Askanews habarlar agentligi: “Erdogan: Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Garaşsyzlygy bilen bagly referendum bir howpdyr” söz başyly habarynda, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň degişli kararynyň özlerini örän gynandyrandygyny bellän Erdoganyň garaşsyzlyk referendumynyň Yragyň territorial bütewiligine garşy uly bir howp we ýalňyş bir ädimdigini nygtandygyny belleýär. Habarda Erdoganyň: “Gepleşikleriň geçirilmegini islärdik. Bu sebitde Demirgazyk Yrak ýeke däldir. Mosulda araplar, Kerkükde türkmenler bilen bile ýaşaýarlar. Biz hemişe bularyň parahatçylygyň içinde ýerine ýetirilmeginiň we Yragyň territorial bütewiliginiň tarapdary boldyk. Wagtal-wagtal ol ýerde ýüpüň ujunyň gaçandygyny hem gördük. Bu bizi gynandyrypdy, Daşary işler ministrligimiz beýanat hem beripdi. Bu hiç bir tarapyň bähbidine däldir” diýendigi ýazylýar.

ABŞ-nyň AP metbugat gullugy: “Premýer ministr: Türkiýe ÝB-ne agzalyk gepleşiklerini dowam etmek isleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Premýer ministriniň ýurdunyň Ýewropa Bileleşigi bilen agzalyk gepleşilerini dowam etdirmek isleýändigini aýdandygyny mälim edýär. Habarda düýn bolgar kärdeşi bilen geçiren metbugat ýygnagynda söz sözlän Binali Ýyldyrymyň: “Türkiýe hökmünde ÝB bilen doly agzalyk gepleşiklerini dowam etdirmek isleýäris. Bizde bu ygtyýar bar. Wizasyz syýahat we bosgunlar bilen baglanşykly gazanylan ylalaşyk bir wagtda güýje girmeli” diýendigi habar berilýär.

Russiýanyň Ria Nowosti habarlar gullugy: “Moskwada 16-18-nji iýunda Türkiýe festiwaly geçiriler” söz başyly habarynda, Russiýanyň paýtagaty Moskwa şäherindäki Krasnaýa Presnýa seýilgähinde 16-18-nji iýun aralygynda Türkiýe festiwalynyň geçirijekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Mos.ru saýtynyň berýän habaryna görä çärä gitjekler Türkiýäniň medeniýeti, taryhy, dili we däp-dessury bilen tanyşyp biljekdiklerini nygtaýar. Habarda festiwala gelen myhmanlaryň el sungatlary şaherçesini görüp biljekdikleri, Kapadokýa şarlary bilen uçyp biljekdikleri, sowgatlyk zatlary satyn alyp biljekdikleri, kofeden pal atdyryp biljekdikleri we dürli-dürli atelýelere baryp biljekdileri beýan edilýär. Habarlar gullugy festiwala Türkiýeden Ajaýyp asyr filminiň aktýordyr-aktrisalarynyň gatnaşjakdyklaryna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar