Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

ABŞ-nyň Associated Press (AP) habarlar gullugy: “Tramp: Türkiýäniň Prezidentini garşylamakdan hoşaldyrys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ilkinji ikiçäk duşuşygyny Waşingtonda geçirendigini mälim edýär. Habarda Trampyň Prezident Erdogany gapynyň agzynda salamlaşyp garşylandygy habar berilýär. Habarlar gullugy metbugat işgärlerine beýanat beren Trampyň Erdogany garşylamakdan örän hoşaldygyny we soňky wagtlarda türk halkyna garşy guralan terrorçylykly hüjümlere garşy goldaw berýändiklerini aýdandygyny belleýär. Habarda Prezident Erdogan ABŞ bilen Türkiýäniň BMG, NATO we G 20 ýaly guramalarda bilelikde işleýändiklerine ünsi çekdi.

Russiýanyň Ria Nowosti resmi habarlar agentligi: “Germaniýanyň terror bilen synagy” söz başyly habarynda, Binali Ýyldyrymyň Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki hepdelik maslahatynda çykyş edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy çykyşynda Germaniýa bilen gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň üstünde durup geçen Premýer ministr Ýyldyrymyň bu ýurdyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşan Fetullahçy terror guramasyna agza adamlara penalyk berendigini aýdandygyny nygtaýar. Habarda Ýyldyrymyň bu ýagdaýa nägilelik bildirip: “Germaniýa bir zady saýlamaly: Türkiýe bilen gatnaşyklaryny düzeltmek isleýän bolsa, taryhy dostlyk gatnaşyklaryny ösdürmek isleýän bolsa, ugruny FETÖ agza adamlara dälde, Türkiýe Respublikasyna öwürmelidir” diýendigi beyan edilýär.

BAE El Arabiýa TV kanaly: “Aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Sinjardaky barlygy howply” söz başyly habarynda, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Neçirwan Barzaniniň El Arabiýa kanalyna beren interwýusynda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Sinjardaky barlygynyň sebitiň asudalygy üçin howplydygyny aýdandygyny habar berýär. Habarda Barzaniniň Bagdatda PKK-a goldaw berýän taraplaryň bardygyny we şol töwerekleriň terrorçylara maddy we logistik taýdan kömek berýändigini aýdandygy ýazylýar. Barzani: “Yrakly resmileriniň terrora goldaw bermek syýasatynyň örän nädogrydygyny pikir edýärin. Bu syýasatlar Türkiýe bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryna deň gelmeýär we Yraga bähbitli däl. PKK-nyň Sinjardaky barlygy sebitiň asudalygy üçin howply” diýdi.

Germaniýanyň Deutsche Welle (DW) media guramasy: “Döwrebap Ýüpek ýoly taslamasyna Ýewropanyň garaýşy” söz başyly habarynda, liderleriň Hytaýyň Ýüpek ýoly üçin Pekinde ýygnanandygyny habar berýär. Milliardlarça dollarlyk maýa goýum maksatlaryndan Türkiýä ýaly ýurtlaryň tamalary uly. Habarda Ýewropa ýurtlarynyň bolsa taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen söwda işleriniň Aziýa geçmeginden gorkýandygy bellenýär. Deutsche Welle maslahatda Türkiýäniň, Russiýanyň we Hytaýyň biri-birlerine golaýlaşmagy Ýewropanyň ünslerinden gaçmandygyny beýan edýär. Habarda dünýäniň iň ösen 7 ýurtdan diňe Italiýanyň liderler derejesinde maslahata gatnaşandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar