Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen baglanşykly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

716134
Daşary ýurt metbugatyna syn

Gresiýanyň Newsbeast gazedi: “Halk ygtyýaryny saýlaw arkaly belli etdi we jedelleşik tamamlandy” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ýekşenbe güni geçirilen referendum bilen baglanşykly jedelleşikler barada: “Halk ygtyýaryny saýlaw arkaly belli etdi we jedelleşik tamamlandy. Ähli taraplar saýlawlaryň netijelerine hormat goýmaly” diýendigini belleýär.

Britaniýanyň Reuters habarlar gullugy: “Ýokary saýlaw geňeşine garşy aýdylýanlar syýasy maksatly” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi ministri Ömer Çeligiň referendumda Ýokary saýlaw geňeşiniň möhürsiz saýlaw býulletenleri güýçli kabul etmegi bilen baglanşykly aýdylýanlaryň syýasy maksatlydygyny aýdandygyny habar berýär. Habarlar gullugy Çeligiň Türkiýäniň güýçli bir kanuny çarçuwasynyň bardygyny, saýlawlaryň bolsa açyk bir etapdygyny aýdandygyny beýan edýär. Habarda Çeligiň: “Ýokary saýlaw geňeşiniň möhürsiz saýlaw býulletenleri kabul etmek kararyna garşy aýdylýanlara we syýasy hereketlere hyzmat edýän beýanatlar ýalňyşdyr. Ýewropanyň käbir syýasylary referendumy Ýewropa-Türkiýe gatnaşyklarynyň soňy hökmünde garaýar. Bular ýaly beýanatlar demokratiýa medeniýetinden mahrumdyklaryny görkezýär” diýendigi nygtalýar.

Germaniýanyň DPA metbugat gullugy: “Ýewropaly synçylar PKK-nyň tarapdary” söz başyly habarynda, Konstitutsiýanyň käbir maddalaryna özgertme girizmek üçin geçirilen referenduma syn etmek üçin iberilen Germaniýanyň Çepçi partiýasynyň agzasy Andrež Hunkonyň hyýanatçy we aýralykçy terror guramasy PKK-nyň tarapdary bolandygynyň ýüze çykandygyny mälim edýär. Habarda şeýlelik bilen ýewropaly synçylaryň bitaraplygyny ýitirendigi ýazylýar. Habarlar agentligi Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Twitter hasabyndan beren beýanatynda Hunkonyň PKK-nyň baýdagy bilen düşen suratyny paýlaşyp: “Terror guramasy PKK-nyň baýdagynyň ýanynda surata düşen Hunko Ýewropa Geňeşiniň saýlaw synçysy. Ondan bitaraplyga garaşalymy” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Italiýanyň Il Messaggero gazedi: “Günbatar dünýäsi Türkiýe babatynda ýalňyş maglumata eýe” söz başyly habarynda, Günbatar dünýäsiniň Türkiýäni dogry düşünmek üçin obýektiw bolmagynyň zerurdygyny mälim edýär. Gazet Günbataryň Türkiýäniň sosiologik gurluşyndan we geografik ýerleşişi bilen baglanşykly ýalňyş pikirlerden azat bolmalydygyna ünsi çekýär. Habarda Günbatar dünýäsiniň esasan hem terrora garşy göreş babatynda Türkiýäniň göreşini düşünmäge mejburdygyny, sebäbi terror guramalarynyň Siriýa we Yrak ýaly ýurtlarda giň territoriýa eýedigini, bu kyn pursatda Türkiýe bilen has gowy gatnaşyklar ýola goýulsa Türkiýäniň üstün çykmak ähtimallygynyň ýokarydygy bellenýär.



Degişli Habarlar